Satyjy bol
E-sowda platformasynda öz dükanyňyzy açyň we müňlerçe müşderä ýetiň!
Näme üçin E-sowda?
Giň müşderi bazasy
Müňlerçe müşderä ýetiň
Ygtybarly platforma
Howpsuz söwda gurşawy
Eltip bermek hyzmaty
Çalt we amatly eltip bermek
Aňsat töleg
Dürli töleg usullary
B2B MARKETPLACE ŞERTNAMASY
Bu şertnama ýazmaça görnüşinde baglaşylýar
Platforma: esowda.com.tm
Satyjy (dükan ady): __________________
1. Şertnamanyň Mazmuny
- 1.1
Şertnama Platformanyň elektron söwda platformasynda (marketplace) Satyjynyň harytlaryny ýerleşdirmek, maglumatlaryny görkezmek, müşderilere satyn almak üçin şert döretmek işlerini düzgünleşdirýär.
- 1.2
Bu şertnama Türkmenistanyň telekeçilik işi hakyndaky, Türkmenistanyň söwda işi hakyndaky we sarp edijileriň hukuklaryny goramak hem-de alyjylaryň hukuklaryny goramak baradaky degişli kanunlaryna, şeýle hem "Elektron resminama, elektron resminama dolanşygy we sanly hyzmatlar hakynda" Türkmenistanyň kanuny we "esowda" platformasynyň düzgünlerine laýyklykda baglaşylýar.
2. Taraplaryň Hukuklaýyn Statusy
- 2.1
Satyjy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellige alnan telekeçi bolup, haryt satmaga hukugy bardyr.
- 2.2
Platforma tehniki maglumat üpjünçiligi we elektron söwda hyzmatlaryny ýerine ýetirýän hyzmat üpjün ediji tarap bolup durýar.
3. Satyjynyň Borçlary
- 3.1
Satyjy öz bölüminde we platformanyň beýleki ýerlerinde ýerleşdirilen her bir haryt we ol barada berilýän maglumatyň hem-de mahabatyň takyklygy barada jogapkärçilik çekýär.
- 3.2
Platformada ýerleşdirilen ähli harytlar barada dogry, doly we täsirli maglumat bermek.
- 3.3
Satyjy özüne degişli bölümde ýerleşdirilen harydyň hereket edýän kanun talaplaryna doly gabat gelmelidir.
- 3.4
Müşderi tarapyndan goýlan sargytlary wagtynda taýýarlap ugratmak.
- 3.5
Harydyň hiline, kepilligine we yzyna gaýtarylmak babatda "Türkmenistanyň söwda işi hakyndaky we sarp edijileriň hukuklaryny goramak hem-de alyjylaryň hukuklaryny goramak" baradaky kanunlaryna laýyklykda hereket etmelidir.
- 3.6
Platformanyň içki düzgünlerine we ýörelgelerine boýun bolmalydyr.
- 3.7
Töleg terminaly ýa-da beýleki kanuny bar bolan töleg görnüşleri arkaly töleg kabul etmek.
4. Platformanyň Borçlary
- 4.1
Satyjynyň harytlaryny platformada görkezmek üçin tehniki mümkinçilikleri üpjün etmek.
- 4.2
Müşderiler üçin elýeterli we ygtybarly maglumat interfeýsini üpjün etmek.
- 4.3
Sargyt maglumatlaryny Satyja wagtynda ýetirmek.
- 4.4
Satyjynyň harytlary bilen bagly maglumatlarynyň integrasiýasyny we goragyny üpjün etmek.
- 4.5
Kanun tarapyndan talap edilýän maglumat goragy talaplaryna eýermek.
5. Tölegler we Komissiýa
- 5.1
Satyjy platformanyň hyzmatlary üçin kesgitlenen möçber komissiýa tölegini tölemäge borçlanýar.
- 5.2
Komissiýa tölegleri satylan haryt esasynda hasaplanýar.
- 5.3
Tölegleriň geçirilýän tertibi, senesi we görnüşi Taraplaryň özara ylalaşmagy arkaly kesgitlenýär.
- 5.4
Töleg maglumatlary gizlin maglumat hasaplanýar we üçinji taraplara berilmeýär.
6. Harydyň Ugradylmagy we Yzyna Gaýtarylmagy
- 6.1
Harydy ugratmak Satyjynyň jogapkärçiliginde.
- 6.2
Her bir edilen sargyt üçin eltip bermesi (Aşgabat şäheri) üçin 150 manat we (Änew, Gämi, Büzmeýin...) 300 manatdan geçen ýagdaýynda mugt amala aşyrylýar.
- 6.3
Müşderi harydyň hiline laýyk gelmeýän ýagdaýynda, "Türkmenistanyň söwda işi hakyndaky sarp edijileriň hukuklaryny goramak hem-de alyjylaryň hukuklaryny gornamak" baradaky kadalaryna görä yzyna gaýtaryp biler.

Şertnamany ýükläp, dolduryp, bize iberiň
Habarlaşmak üçin
+993 63 669196
esowda@sanly.tm
Doldurylan şertnamany ýokardaky e-poçta salgysyna iberiň ýa-da telefon arkaly habarlaşyň.